SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “STAMBUL PROSESSIŇ” ÇÄKLERINDE TEHNIKI TOPARLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosessiň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosessine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýa...
DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYKDA MERKEZI AZIÝA INTEGRASIÝASYNYŇ UGURLARY KESGITLENILÝÄR
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...
MOSKWADA DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA RUS-TÜRKMEN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiý...
AŞGABATDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGI OKATMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda intellektual eýeçiligi okatmak ugrunda halkara we milli tejribe bilen paýlaşmak maksady bilen “Intellektual eýeçiligi dersini okatmak” atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik bo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi. Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Pre...
TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE HALKARA DEREJESINDE GARŞY DURMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň 31-nji umumy mejlisi boldy. Bu çärä Türkmenistandan, Belarusdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan — jemi dokuz döwletden wekiller gatnaşdy. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky...
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝA ARAGATNAŞYK MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat — telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deň...