SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem karbam...
ŞOWLULYK HEMRAŇ BOLSUN, TÄZE SPEKTAKL!
Baş drama teatrynyň «Rowana» oýnunyň premýerasy ... kölegeler sungatyndan başlandy. Ol pýesanyň baş gahrymanlary –Rowan we Serwi bilen tanyşdyrdy ... Ine, olaryň bäbek döwri, 7 ýaşda mekdebe gidip, 10 ýyldan soňam ýetişenlik attestatyny aldylar ... Gol tutuşyp durmuş ýolundan gitmäge öwrenişen Rowan bilen Serwini duýdansyz ýerden atalary aýra salýarlar. Tomaşaçylaryň köpüsiniň kellesine: «Döwrebap äheňli Gündogar dessany!» -diýen pikir geldi. Hem dogry, hemem beýle däl! Has takygy, döwre görä...
EKSPO-2020 HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARYŇ DÖRDÜNJI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 85 963 595,0 müň manat we çykdajylar boýunça 85 670 944,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI 2020-NJI ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETINI KABUL ETDI
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýe...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI DÖWLETARA GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRMEK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Howa menzilinden türkmen Lideriniň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Prezident Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ WEKILIÝETI TAÝLAND PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) çagyrmasy boýunça 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde iş saparynda boldy. 27-nji noýabrda Pekin Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň...