SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN — ÝEWROPA: KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK
?Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Telewideniýe ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň iri teleýaýlymlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. «Euronews» şeýle iri teleýaýlymlaryň biri bolup, 160 ýurtda dille...
TÜRKMENISTANDA KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlary üçin...
«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy...
BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TOKIO ŞÄHERINDE GIŇ GERIMLI ÇÄRELER GEÇIRILDI
Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Komazawa Olimpiýa sport bagynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bitaraplyk - dostlugyň girewidir” atly çäreleriň toplumy geçirildi. Çärelere Tokio şäheriniň ýaşaýjylary, sport bilen meşgullanýan türgenler, Ýaponiýaniň sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleý...