TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde, döwlet hem-de jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň ordeni we medallary bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowy;
Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik bölüminiň weterinar lukmany Hojamyrat Çaryýewiç Ýunusowy;
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň baş weterinar lukmany Orazdurdy Annakowy,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýewi,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň at hassahanasy bölüminiň weterinar lukmany Annadurdy Garryýewiç Annadurdyýewi,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Annamuhammet Ilamanowy,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň atçylyk we türkmen sportunyň taryhy bölüminiň jogapkär kätibi Narly Jumaýewiç Nuryýewi,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Geldiýewiç Annamuhammedowy,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri Myrat Kakaýewiç Rejepgulyýewi;
Ýurdumyzyň şu raýatyna «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.