img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Mar

ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNDA ZENAN NAKGAŞLARYŇ IŇ GOWY ESERLERI GÖRKEZILDI

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly sungat kafedrasynyň zenan mugallymlarynyň baýramçylyk mynasybetli guran sergisi şekillendiriş sungatynyň, kreatiw döredijiligiň muşdaklarynda, şeýle hem KHBS-niň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Solmaz Muhammedowa bilen Gülýara Babaýewanyň eserleri söýgi we bahar gözelliginiň şahyrana dünýäsine aralaşdyrýar. Olaryň hersini 50-ä golaý işi goýlupdyr. Solmaz Muhammedowanyň dessine tanalaýan usulynda ýerine ýetirilen keramik güldanlarynyň, nepis...

DOWAMY
pic
8 Mar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ENELERINE, ÄHLI GELIN-GYZLARYNA

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp...

DOWAMY
pic
8 Mar

BAÝRAMÇYLYK KONSERTI: ZENANLARA BAGYŞLANAN FOLKLOR TOPARLARYNYŇ ÇYKYŞLARY WE ESTRADA AÝDYMLARY

Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy. Milli Liderimiz zenanlaryň dürli işleri ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň ösüp ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, ahlak we beden taýdan sagd...

DOWAMY
pic
7 Mar

HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler häzirki döwürde ýurdumyzyň mährem zenanlar...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR

2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.     Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MAROKKO PATYŞALYGYNA SAPARY

2020-nji ýylyň 4-5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Marokko Patyşalygyna sapary boldy. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürm...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow göni sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady g...

DOWAMY