img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN DAŞOGUZ WELAÝATYNA UGRADY

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşoguz welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soňra Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär.