SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bell...
CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny dynç almak üçin iň amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky köl «Alty...
RESUL GYLYJOWYŇ TÄZE TASLAMASY: ERTEKINIŇ SUNGAT DILINDÄKI BEÝANY WE SAZ FANTAZIÝALARY
14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Disneý. Fantaziýa» konsertini berdi. Döredijilik toparynyň terjimehalyna ýene bir şanly sahypa ýazan konserte gelen adamlardan ýaňa zalda ýer ýokdy, ol nusgawy sazlaryň muşdaklaryna şekilli sazlar dünýäsine syýahatdan uly lezzet berdi. Resul Gylyjowy täze konserti taýýarlamaga ruhlandyran Uolt Disneýiň «Fantaziýa» atly doly metražly multfilmi öz döwri üçin batyrg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN DAŞOGUZ WELAÝATYNA UGRADY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşoguz welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soňra Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ALTYN KÖL” DYNÇ ALYŞ ZOLAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady. Ilatyň ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen nobatdaky desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösen şyp...