ÝURDUŇ DEMIRGAZYGYNDA MÄŞ ÝYGYLÝAR

Daşoguz welaýatynda ýene bir oba hojalyk çäresi – mäş ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň etraplaryň ählisinde ýerleşýän kabul ediş nokatlaryna 130 tonnadan gowrak kösükli ekin eltildi, sebitde rejeli ekin dolanşygynyň wajyp bölegi bolan bu ekin köp möçberde ýetişdirildi.

Suwy az talap edýän we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan güýzlük galla ýygymyndan soň esasan aralyk ekin hökmünde ulanylýan mäş üç müň ýedi ýüz gektar ýere ekildi. Bu kösükli ekin Akdepe we Könürgenç, şeýle hem S. Türkmenbaşy etraplarynda has uly meýdanlarda ýetişdirildi.

Ýygyma, köpsanly daýhan hojalyklary bilen birlikde hususy düzümler hem işjeň gatnaşýarlar. Meýdanlardan ýygnalan hasylyň hili ýöriteleşdirilen laboratoriýalarda berk barlanylýar.

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şu ýyl bäş ýarym müň tonna mäş ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Ýurduň dermirgazygynda mäşden başga-da, noýbanyň we künjüniň ekin meýdanlary-da artdyryldy, munuň özi ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmaga, şonuň bilen birlikde azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmaga mümkinçilik berer.