SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Şu ýylyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy bilen has-da şöhratlanýandygy guwançly ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň halkymyza G...
TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER
2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekil...
TBILISINIŇ TELEDIŇINE TÜRKMEN TUGUNYŇ REŇKINIŇ ÖWÜŞGINI ÇAÝYLDY
26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy. Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Ilçihanasyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol Gruziýanyň halkynyň türkmen halkyna hem-de onuň taryhynyň şanly senesine – ýurdumyzda şu gün bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna hormatynyň nyşany boldy.
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy - Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan - Bitar...
GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ŞAHYRANA ŽIWOPIS ESERLERI
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan tematiki sergisi çeper metaforalar dili bilen ýurdumyzyň iň täze taryhynyň şanly senesi barada gürrüň berýär. Abadanlygyň we uly möçberli özgertmeleriň döwrüniň waspyny ýetirýän işler Rahman Umarowyň «Аsudalyk» atly suraty bilen açylýar. Depesinden goşa guw uçup barýan howdanyň asuda suwuna zümerret reňkli derekleriň şekili düşüpdir. Ýumşak reňkleri we çotganyň şahyrana ýeňil yzlary bilen özüne bendi edýän suratyň...
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT ÜÇIN WATAN SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna l...
TBILISINIŇ MERKEZINDÄKI MONITORLARYŇ WIDEOŞEKILLERI TÜRKMENISTANYŇ ŞU GÜNKI DURMUŞY BARADA GÜRRÜŇ BERÝÄR
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy we Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wagyz ediş çäresini gurady. Tbilisiniň merkezi köçeleriniň birinde, şeýle hem demir ýol wokzalynda we metropolitende oturdylan äpet monitorlarda ýurdumyzyň durmuşy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär. Gruzin paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýurdumyzyň uly möçberli üstünlikleri, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, myhmansöýerligi we parahatçylyksöýüjilig...