KARHANA IŞINIŇ ÇÄGINI GIŇELDÝÄR

Ýurduň demirgazygynda ýaşaýyş jaý pudagynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň tutýan orny has ýokarlanýar. Kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin iri panelli gurnamalaryň ençeme görnüşiniň önümçiligini özleşdirmän, eýsem onuň ygytyýaryndaky gurluşyk guramasy sebitiň dürli künjekleriniň köpüsinde dürli görnüşli jaýlary gurmaga hem işjeň gatnaşýar. Ol Daşoguz şäherinde, esasan, kerpiç we iri panelli köp öýli jaýlary bina edýän bolsa, Daşoguz welaýatynyň beýleki künjeklerinde uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksatnamasy boýunça kottej görnüşli şahsy öýleri gurýar.

Şunda kärhana ýerli telekeçilik düzümleri bilen jebis hyzmatdaşlykda işleýär. Meselem, hususy kärhanalaryň birnäçesi Könürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginde gurulýan döwrebap täze obada bäş otagly amatly bir gatly jaýlaryň birnäçesiniň gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde çekildi. Kärhana Akdepe şäherinde hyzmatdaşlarynyň tagallasy bilen şeýle jaýlaryň dördüsini, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan iki gatly kottejleriň üçüsini Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş merkezinde bina edýär.

Şeýle bolsa-da, ýörürteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen zawodyň esasy işi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda islegli harytlyk beton we demir-beton önümleri, şol sanda dürli diametrli turbalary, beton lagym guýylaryna gapaklary, beton ýol jäheklerini we beýleki önümleri çykarmak bolup durýar. Mysal üçin, diňe geçen ýylyň özünde bu ýerde 17 million manatlykdan gowrak şeýle önümler öndürildi.