SOŇKY HABARLAR
ÇAGALAR HAKYNDAKY ALADA TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNISEF-NIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ BINÝADYDYR
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara serginiň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň milli parlament hem-de ýurdumyzyň hukuk düzümleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş häsiýetli syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň ählitaraplaýyn ösmegi üçin has amatly şertler döredildi, ol...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Tanyşdyrylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Russiýanyň diplomatik missiýasynyň hünärmenleri, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professo...
«MERKEZI AZIÝA + OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY + HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Owganystan Yslam Respublikasy + Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy-...
TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
TÜRKIÝÄNIŇ PARLAMENTINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmen-Türk parlamentara dostluk topary tarapyndan bu ýurduň Mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýäniň Mejlisiniň türkmen-türk dostluk toparynyň agzalary bolan deputatlar, Mejl...
PAÝTAGTYMYZDA WE ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar bu pudagyň ösüşiniň möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk etdi, Watanmyzyň bu hukuk derejesiniň pudagy ösdürmekdäki orny nygtaldy. Täze binanyň açylyş dabarasyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatna...
WATANYMYZYŇ BITARAPLYK BAÝRAMYNA TÄZE ŞAÝY WE KAGYZ PULLARY
Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy. Gymmaty 100 manat bolan täze şaýy pullar taýýarlamagyň ýylýazgysynda özboluşly orun eýeleýän häzirki zaman numizmat gymmatlyklarynyň üstüni ýetirdi. Ýadygärlik şaýy pullary Merkezi bank tarapyndan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň, döwlet baýramçylyklarynyň we şanly seneleriň hormatyna çykarylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başt...