SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE ÝAKYN HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGI UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
Göni aragatnaşyk ulgamy arkaly 10-njy dekabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy. Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri "GDA-nyň çäklerinde takyk kesgitlenen ýygylyk we gün tertibi bilen özara gatnaşyklary has hem jebisleşdirmegiň zerurdygyny" belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-A GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edralary...
TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK EDEN DÖWRÜNDE WE HAZAR SAMMITLERINDE KABUL EDILEN RESMINAMALAR BARADAKY ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY
“Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” we “Hazar sammitlerinde kabul edilen resminamalaryň ýygyndysy” atly täze neşirler çapdan çykdy. Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. 2017-2019-njy ýyllarda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Şol döwür dürli derejedäki çäreler geçirildi we olaryň netijesinde degişli resminamalar kabul edildi. Bularyň ählisi “Türkmeni...
GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY WE HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI WIDEOŞEKILLER GÖRKEZILÝÄR
2020-nji ýylyň 9-njy dekabryndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadakydaky Ilçihanasy tarapyndan Tbilisiniň merkezinde oturdylan uly monitorlarda bu möhüm wakalara bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär. Bu şanly sene - Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen baglanyşykly, şu ýyl Gruziýanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekiller birnäçe gezek görkezildi....
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşik tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalardan bolan parlamentariler we bilermenler bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyna gatnaşdylar. Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy “Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler” diýlip atlandyryldy. Onuň çäklerinde milli parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SÖWDA TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G...
PAÝTAGTYMYZDA BAÝRAMÇYLYGYŇ ÖŇ ÝANYNDA TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli senenamamyzyň şanly seneleriniň öň ýanynda köp sanly täze binalaryň ulanylmaga berilmegi döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba...