TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkm...
DÖRT NAKGAŞYŇ DÖREDIJILIGI: GÖREN ONUŇ HAÝRANY!
Şu ýylyň dekabry ussat nakgaşlar we žiwopis muşdaklary üçin şanly waka beslendi – nakgaşlaryň dördüsiniň işleriniň sergisi paýtagtymyzyň Sergi merkezine gelenleri geň galdyrdy, haýran etdi. Sergä isleg uludy, pandemiýa garamazdan, Çeperçilik akademiýasynyň şu nakgaşlardan sapak alýan talyplary, olaryň kärdeşleri we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri – artistler, ýazyjylar, žurnalistler – bir söz bilen aýdanyňda, žiwopise biparh garamaýanlaryň ählisi bu işleri görmäge geldiler. Dört nak...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ TÄZE ÝYL ARÇASYNDA YŞYKLAR ÝAKYLDY
Şu gün ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi. Asylly däbe görä, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy. Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna aba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna aba...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy. Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELAÝATLARY WE AŞGABAT ŞÄHERINI DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtymy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy....