SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI JEMGYÝETÇILIK- SYÝASY GURAMALARYŇ WEZIPELERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, täze, 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak hem-de olary işi bil...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARYNYŇ 2020-NJI ÝYL BOÝUNÇA NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň şu ýyl boýunça jemlerine we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly brifingi geçirildi. Brifinge sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatna...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ JEMLEÝJI BÖLÜMINDE SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLAR ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili...
TÜRKMENISTAN WE BELGIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Belgiýanyň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan K...
AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýetleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energe...
POÇTA MARKALARYNYŇ ULY TAPGYRY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANÝAR
?Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy täze markalarda tebigat merjenlerini we adam eliniň döredenlerini, paýtagtymyzyň kaşaň binalaryny we iň täze desgalaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň kemala gelmegi bilen baglanşykly ýadygärliker hem-de desgalar aýratyn bellenildi. Täze türkmen markalarynda geçmişiň ýadygärlikleri we häzirki üstünlikler öz beýanyny tapýar. Hronologiýa kolleksiýalaryny toplaýjylar şanly üstünlikler eýýamynyň özboluşly seneýazg...
NAÝBAŞY HALYLAR
Halajyň çeper halyçylyk fabriginiň çeper elli işgärleri ýene bir naýbaşy haly –168 inedördül metr tegelek haly dokadyalr. Täze haly ýerlikli reňkleri, nepisligi, gözelligi bilen göreni haýran edýär. Ýurdumyzyň iri haly kärhanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýini täze sepgitler, şu ýyl berlen möhüm tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bellediler. Bu ýerde kärine ussat halyçylar zähmet çekýärler, olaryň 20-sine döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň...