SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ul...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýy...
Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi guraldy
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Pariž şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady. Bu sport we ekologiýa çäresine Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Fransiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Pariž şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdy. Welosiped ýörişi Eýfel diňiniň etegindäki Mars meýdanyndan başlanyp, Parižiň gözel köçelerini, meşhur taryhy ýerle...
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu baýram mynasybetli, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çagalaryna we halkyna baýramçylyk gutlagyny iberdi. Şeýle hem dabaraly çäre paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we de...
Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistan bilen...
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary dereje...