TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bangkokda (Tailand) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar. Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA SEBITINDE NEŞE SERIŞDELERINIŇ ÝAÝRADYLMAGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň (CADAP) 7-nji tapgyrynyň Ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň, Ýewropanyň birnäçe institutlarynyň we ÝB-niň ugry boýunça alnyp barylýan maksatnamalaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň maksady CADAP-7-den garaşylýan net...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-Ä AGZA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň...
ARKADAGDA HALKARA MAÝA GOÝUM FORUMY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Bu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu örän uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyrda meýilleşdirilýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy. 16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edarala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÜNÝÄNIŇ INŽENERLER WE BINAGÄRLER BIRLEŞIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirjini kabul etdi. Duşuşygyň başynda I.Demirji döwlet Baştutanyna “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy hem-de onuň häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny belledi Ýurdumyzyň Pre...
The city of Arkadag was awarded 21 international certificates
Today, large-scale celebrations unfolded in honor of the opening of the new city of Arkadag. During the opening of the city of national importance, with the participation of the head of state and numerous foreign guests, a solemn meeting was held in the Ruhyet Palace. A ceremony of presenting international certificates was held here, confirming the achievements of the city of Arkadag in various fields. Among them: – The Certificate of Appreciation of ECO to “Arkadag City” on account of mod...