SOŇKY HABARLAR
MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNA EÝERIP
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz G...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligine “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn almak barada Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
HIMIÝA INSTITUTY: ÖZ-ÖZÜŇI MALIÝELEŞDIRMEK WE INNOWASIÝALAR
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň laboratoriýalarynyň ählisi täze ýyldan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdiler. Ol çykdajylary Döwlet býujetinden däl-de, öz hususy serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriljek ilkinji ylmy-barlag edarasydyr. Institutyň hojalyk hasaplaşygyna geçmegi birnäçe ýyl dowam etdi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ol 2022-nji ýylda tamamlanmaly. Emma ylym edarasynyň bazar gatnaşyklaryna üstünlikli uýgunlaşmagy ylmy üstünlikleri has rej...
DÖWLET GULLUKÇYLARYNY OKATMAK ÜÇIN UZAK ARALYKDAN BILIM BERMEK TEHNOLOGIÝALARYNYŇ HALKARA TEJRIBESI
Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynyň döwlet gullugynyň işgärler mümkinçiliginiň ösüşine laýyk gelmeli häzirki şertlerde döwlet gullukçylaryny okatmak işine, şol sanda uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryna innnowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna talap wajyp mesele bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ÝeB bilen bilelikdäki «Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini güýçle...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Şu gün ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýet...