TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini, gazanylan üstünlikleri parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatna...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertler...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň me...
“TÜRKMEN ARHIWI” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda"Türkmenistan...
MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNA EÝERIP
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz G...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...