SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA DIALOGY IŞJEŇ GOLDAÝAR
2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Şeýle-de duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen gepleşikleriň barşynda Owgan...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demok...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA YNSANPERWER ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häs...
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr. Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR
2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BILDIRIŞI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bäsleşik yglan edýär. Resminamalaryň kabul ediş möhleti 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den 20-e çenli, sagat 9-dan - 18-e çenli amala aşyrylýar. Goşmaça maglumat almak üçin şu ýere ýüz tutup bilersiňiz: Aşgaba...