ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler.

Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar mahalynda hormatly özbek myhmany üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.

21-nji oktýabrda irden dostlukly ýurduň Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Iki ýurduň Döwlet baydaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet baştutanymyz özbek kärdeşini “Rowaç” otagyna çagyrýar. Şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we özbek wekilýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübäreklap, ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi.

Dostlukly ýurduň Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňra, ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belledi.

Nygtalşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga, uzak möhletli maksatlaryň hem-de bähbitleriň umumylygyna düşünişmäge esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, suw, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça öňegidişikleri gazanmak başartdy. “Ýol kartasy” esasynda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Soňra “Soltan Sanjar” zalynda gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekilýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany we Özbegistanyň wekilýetiniň agzalaryny Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildiridi.

Şeýle-de taraplar sebit we ähliumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, Prezidentler ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Geljek ýylda iki ýurduň sebitleriniň özara Medeniýet günlerini we kino, ýaşlar festiwallaryny geçirmek teklip edildi.