SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 20-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet,...
BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzly...
8-NJI TÜRKMEN-RUS YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda 8-nji Türkmen-rus ykdysady forumy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky işewürlik duşuşygynyň gün tertibine senagat hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň eksport hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, gurluşyk önümçiligi we agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklary, sanly tehnologiýalar we logistika ýaly ulgamlar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbeg...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajyplygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikas...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...