TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. 

Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary bu gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm tapgyr boldy.