NAKGAŞLARYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINE BAGYŞLANAN ŽIWOPIS IŞLERI

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sergisi açyldy. Baýramçylyk sergisiniň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow Pyragynyň «Türkmenistan» goşgusyny labyzly okady.
Sergide milli medeniýetiň görnükli wekilleriniň portretleri esasy orun tutýar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saparmämmet Meredowyň çeken türkmen poesiýasynyň beýik şahyry Magtymgulynyň suraty bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi, olar Pyragynyň suratlaryny Aýhan Hajyýewiň kanoniki portreti bilen biygtyýar deňeşdirýärler.
«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» ajaýyp žiwopisçi Mämmet Mämmedowyň döredijiliginde belli işdir. Türkmen nakgaşlarynyň ençemesi Nury Halmämmedowa bagyşlanan suratlary çekdiler, şonda-da bu iş edil ajaýyp kompozitoryň sazy ýaly aýratyn özüne çekiji çykypdyr... Žiwopisçi bilen kompozitor dostdular, olar çagalar öýünde bile terbiýelenipdiler. Olaryň ikisi-de döredijiliginiň möwç urýan döwri, heniz ýaş döwri aradan çyksalar-da, milli medeniýetde öçmejek yz galdyrdylar.
Mämmet Nury Halmämmedowy durmuş energiýasyndan sahawatly peşgeş alan, ussadyň hoşamaýlygyna kybapdaş tut agajyna ýaplanyp duran şekilde çekipdir. Dürli reňkleriň ekspressiýasy we ýordum nygtamalary Halmämmedowyň döredijilik hem şahsyýet özboluşlylygyny görkezýär.
Onuň gapdalynda Iwan Çerinkonyň «Alty Garlyýew» atly akademiki tilsimde çekilen portreti goýlupdyr. Onuň çal-mele reňkleri iň tanymal türkmen režisýorynyň ýüzüne düşüp duran açyk reňk kontrastynda surata kinematografiýa mahsus göwrümlik berýär.
Sergide tanymal nakgaş Durdy Baýramowyň işleriniň birnäçesi goýlupdyr. Ajaýyp kinoaktýor we režisýor Baba Annanowyň, şeýle hem jahandan ir giden we iň ýokary ada - halk söýgüsine mynasyp bolan şahyr Gurbannazar Ezizowyň aksentli portretleri täsirli çykypdyr.
Durdy Baýramowyň çeken Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Aman Agajykowyň portreti sazly şahyranalyga ýugrulypdyr. Näzik reňkler we reňk öwüşginleriniň nepis oýny täze saz döreýşiniň syrly älemini nygtaýar.
Sergeý Beglýarowyň «Muzafar Daneşwar» atly işi hem täsirli eser. Türkmen žiwopisiniň ägirdi, döwlet çeperçilik uçilişşesine ilkinji ýolbaşçylyk edenleriň biri Daneşwaryň ady sungat muşdaklarynyň arasynda giňden tanalsa-da, onuň portreti muzeýde seýrek görkezilýär. Şonuň üçinem nakgaşyň daş keşbi bilen tanyşmaga we Beglýarowyň öz işinde onuň şahsyýetiniň haýsy ugurlaryny nygtamak isländigini bilmäge mümkinçilik berdi.
Zehinli nakgaş Ýarly Baýramow ilkinji türkmen nakgaşy we milli medeni ýörelgeleri wagyz ediji Bäşim Nuralynyň suratyny çekipdir. Bäşim Nuraly çuňňur oýa batyp, öz döreden guralynda saz çalýar. Onuň gapdalynda bolsa, molbertdäki surat, onuň öňünde dyza çöken ýetginjek şekillendirilipdir. Bu ýordumda ussada halypalyk zehini we sungatda täze ýol açandygy üçin hormat duýulýar.
Ýarly Baýramow Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem portretini çekipdir... Şahyr kürsüde eli kitaply amatly ornaşyp täze eseriniň pikirini edýär.
Sergä gelenler Kakajan Oraznepesowyň «Ýedigenler» atly suratynyň öňünde kän eglenýärler. Awtor bu işini ady türkmen žiwopis mekdebiniň ösüşinde täze wajyp tapgyry bilen baglanşykly uly ýaşly kärdeşleri – Stanislaw Babikowa, Durdy Baýramowa, Mämmet Mämmedowa, Şajan Akmuhammedowa, Çary Amangeldiýewe, Gulnazar Bekmyradowa, Juma Jumadurda bagyşlapdyr.
Tematiki serghi bilen tanyşlyk köpgyraňly we jady duýgusyny döredýän žiwopis sungatynyň geçmişine syýahat etmäge mümkinçilik berýär.