Türkmenistanyň wekiliýeti Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 26-30-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (WOAH) wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy.

Özüniň 100 ýyllygyny belleýän WOAH-yň mejlisiniň çäklerinde dünýäde haýwanlaryň saglygy üçin durnukly geljegi bilelikde döretmek meseleleri we häzirki döwürde guramanyň gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda WOAH-yň Baş direktory wezipesine geçirilen saýlawlaryň netijesi boýunça agzalan wezipä Fransiýa Respublikasyndan dalaşgär Emmanuel Subeýran 2024-2029-njy ýyllar döwri üçin saýlanyldy.