Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär.
Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi