Fransiýanyň Mezon-Laffit şäherinde guralan medeni çäre: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

2024-nji ýylyň 21-nji martynda, Fransiýanyň «Atlar şäheri» hökmünde tanalýan we Fransiýanyň görnükli 21 sany «Imperial» şäheriň sanawyna girýän Mezon-Laffit şäherinde, beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Agzalan çärä Mezon-Laffit şäheriniň häkimi, jenap Žak Mýard, şäher geňeşiniň saýlanan agzalary bilen birlikde hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şeýle hem oňa şäheriň ilaty, türkmen diasporasynyň wekilleri we Fransiýada türkmen medeniýetiniň wagyz edilmegine, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan «Dessan» hem-de «Fransiýa-Türkmenistan» Assosiýasiýalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Öz çykyşynda häkim Mýard geçen ýylyň sentýabrynda Mezon-Laffit bilen Arkadag şäherleriniň arasynda gol çekilen Dostluk Deklarasiýasynyň ähmiýetini we medeni çäreleriň halkara dialogyny güýçlendirmäge we jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmaga goşýan goşandyny nygtady.

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi M. Çaryýew öz gezeginde çärä gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berdi hem-de onuň türkmen halky üçin gadyr-gymmatyny belledi we şahyryň eserlerinde beýan edilen pikirleriň we gymmatlyklaryň häzirki döwürde möhümligini nygtady.

Çäreniň maksatnamasy Arkadag şäheriniň aýdym-saz topary tarapyndan Magtymgulyň goşgularyna ýerine ýetirilen halk aýdymlaryny, fransuz artisti Teofil Şoke tarapyndan fransuz dilinde şahyryň goşgularynyň labyzly okalmagyny öz içine aldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda milli mirasymyzyň görnüşleriniň, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň fransuz diline edilen terjimeleriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi guraldy. Bular myhmanlara Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen içgin tanyşmaga aýratyn mümkinçilik berdi.

Türkmen milli tagamlarynyň myhmanlara hödürlenilmegi maksatnama aýratyn goşant bolyp, gatnaşyjylara milli naharlaryň saýlama tagamlarynyň lezzetini bahalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Ilçisi Mezon-Laffit şäheriniň häkimine çäräni gurnamakda beren goldawy we kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Netijede bu çäre diňe şäheriň medeni durmuşynyň ýagty wakasy bolman, eýsem ol Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we üstünlikli medeni alyş-çalyşyň we özara hormatyň ösdürilmegine uly itergi berdi.