Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Biziň ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunda diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek däl, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda ýerli harytlaryň we hyzmatlaryň ilerledilmegi hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara sergileriň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Duşuşygyň dowamynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilendigini belledi. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär.
Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalan býuronyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara gözden geçirilişde ýurdumyzyň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.
Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen tanşandygyny we onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Myhman bilelikdäki çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, geljekde Türkmenistanda halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri guramagyň şertlerine garamagyň maksat edinilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.