HORMATLY PREZIDENTIMIZ MEDENIÝET WE KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELER ULGAMYNYŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejedäki ähmiýetini dünýä ýüzünde giňden açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz berdi. Wise-premýer hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, umuman, medeniýet we sungat edaralarynyň işiniň guralyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň biziň döwrümiziň döredijilik güýjüniň nyşany bolup durýandygyny belläp, şu ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly şygary astynda geçiriljek halkara ähmiýetli medeni çäreler barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle çäreler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, döredijilik däplerimiziň we şöhratly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklaryna aýawly garalmagynyň nesilden-nesle geçirijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň, aýratyn-da, halkara maslahatlaryň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň möhümdigi barada aýdyp, olaryň baý mazmunly bolmalydygynyň hem-de şolara medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň, bu wakalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan işjeň we dessine beýan edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek meselelerine uly jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir, ilaty maglumat taýdan üpjün etmek we Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşleriň ähli ugurlary boýunça gazanan üstünliklerini halkara derejede giňden wagyz etmek olaryň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Soňra Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýew hormatly Prezidentimizi adamzadyň taryhynda iň gazaply uruşlaryň biri hasaplanylýan Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýadygärligine bagyşlan ajaýyp goşgyny döredendigi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ajaýyp eser merdana halkymyzyň güneşli hem-de asuda günleriniň hatyrasyna alyp barýan işine we durmuşyna bagyşlanan milli gymmatlykdyr.

TDH-nyň ýolbaşçysy Döwlet habarlar agentliginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, Internet serişdelerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işler baradaky syn we seljerme berýän makalalarda täze habarlary halkara maglumatlar giňişligine ýaýratmak arkaly toplumlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi.

Munuň özi ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň dünýä we milli maglumat agentlikleri, döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen degişli ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini, dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri wagyz etmäge gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda iri senagat toplumlarynyň gurulýandygyny, halkara ähmiýetli ulag, ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa, ylym we bilim, medeniýet ugurlary boýunça giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, bu işleriň giňden beýan edilmeginiň hem-de olar baradaky habarlaryň dünýäniň maglumat giňişligine çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli saýtlar işjeň peýdalanylmalydyr we bu ugra häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, sanly ulgam ornaşdyrylmalydyr.

Häzirki döwürde dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegine, elektron neşirleriň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli maglumatlaryň dünýäniň maglumatlar giňişligine täzeligi bilen ýetirilmeginde wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek, ähli künjeklerde ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine, olar barada metbugat neşirlerinde yzygiderli hem-de giňişleýin maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýratyn belledi.

Soňra Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa häzirki döwürde jemgyýetimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, şunlukda, Watanymyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkarar bolmagyna gönükdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär.

Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu düzümiň öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna we Gaznanyň tertipnamasyna laýyklykda alyp barýandygyny, bu işleriň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde amala aşyrylýandygy barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy wagyz etmek, ýurdumyzda kanunçylygyň berk berjaý edilmegini wagyz etmek, şeýle hem adamlaryň, aýratyn-da, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň özeninde halkymyzyň bähbidiniň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine esaslanyp, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

BMG-niň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini iki gezek ykrar etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berilýän ýokary bahadyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, tutuş ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, köpçülikleýin we ähmiýetli çäreleri guramagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Bitaraplyk kadalaryny ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikleri guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady tarapynyň ähmiýetiniň möhümdigi barada halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikleri guramak wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň we bu ulgamyň edaralarynyň bellenen möhletde öz işini sanly ulgama tapgyrlaýyn geçirmeginiň hem-de elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagynyň möhümdigini aýdyp, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ilatyny ygtybarly maglumatlar bilen üpjün etmek üçin öz

Internet ulgamynyň taslamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin internet ulgamynda we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite sahypalaryň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň öz wagtynda hem-de doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek ugrunda bäsleşikleri guramaly. Bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de rolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem media ulgamda görkezilmegini üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji ýyl — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly mowzuk boýunça makalalaryň çap edilmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny we olaryň durmuş taýdan ähmiýetlidigini belläp, iş maslahatyna gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.