Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisiniň Halkara Energetika Agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 6-njy martynda, Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) baş edarasynda, Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew bilen HEA-nyň Ýerine ýetiriji Dr.Fatih Birolyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy meselesi Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegi hem-de HEA-nyň 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara Forumyna (TEIF 2024) gatnaşmagy boldy.
Agzalan Forumyň işine dünýä energetika pudagynyň esasy şahsyýetleriniň, şol sanda öňdebaryjy energetika, gurluşyk we transport-aragatnaşyk kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we global maliýe institutlarynyň wekilleriniň çekilmegine garaşylýar. Çäre Türkmenistanyň dünýä energetika senagatyndaky strategik rolyny we esasy ykdysady pudaklara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge bolan mümkinçiliklerini açyp görkezer.
Ilçi Çaryýew HEA-nyň ýolbaşçysyna hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bolan taýýarlygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we Dr. Birola foruma gatnaşmagy üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy. Ol HEA-nyň Foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika pudagyndaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyna şaýatlyk etjekdigini nygtady.
Dr. Birol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Global Metan Ylalaşygyna goşulmak baradaky soňky başlangyjyna, şeýle hem COP-28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlaryna HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Parižde gyzyklanma bildirýän taraplar, halkara donorlar we hyzmatdaşlar bilen mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtap, HEA-nyň Türkmenistany dünýäniň gün tertibine degişli uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde giňden goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem duşuşykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynyň ösüşine, energiýa netijeliligiň artmagyna we metan zyňyndylarynyň azaldylmagynyň ekologik howpsuzlygy üpjün etmekdäki we sebitiň energetika garaşsyzlygyny güýçlendirmekdäki rolyna aýratyn üns berildi.
Bu duşuşyk Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilik boldy.