TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň oňat şertleri döretmek we şäheriň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalardaky gurluşyklaryň depgini, şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek hem-de Ylymlar gününe taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Mundan başga-da, häkim Aşgabat şäheriniň çäklerinde täze şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, döwrebap, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar esasynda bina ediljek şäheriň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady maksadalaýyk ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz ekologiýa ýagdaýyna, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine, köp babatda adamlaryň durmuşynyň hilini kesgitleýän şäher gurşawyny kämilleşdirmäge yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ýollarynyň hem-de seýilgäh zolaklarynyň mundan beýläk-de abadan saklanylmagyny, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ýolbaşçysyna, bellenen tertibe laýyklykda, ýollaryň abatlanylýandygy we durkunyň täzelenilýändigi barada ilata öňünden habar berilmelidigi barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň taslamasynyň taýýarlanylyşy babatda häkimden bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda tamamlanmaly möhletini we gurluşygyň hilini üpjün etmegi talap etdi.

Şeýle-de milli Liderimiz Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşjek täze şäheriň taslamasynda ähli zerur şertleriň nazara alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, bu işi çaltlandyrmak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ylymlar güni mynasybetli mazmunly çäreleri taýýarlap, baýramçylygy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde gurluşyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan, şol sanda innowasion çemeleşmelerden ugur alynmalydygyny, ýokary hilli we berk gurluşyk serişdelerini peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim meýdan işleriniň — galla oragynyň barşy we gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler hem-de ýakynlaşyp gelýän şanly seneler mynasybetli guraljak çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy, kombaýnlaryň we beýleki döwrebap tehnikalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, oragyň ýokary depginini üpjün etmegi, ýetişdirilen ähli däne hasylyny doly ýygnap almagy talap etdi. Bu möhüm möwsümiň üstünlikli geçirilmegi azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň girewidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň hem-de meýdanda zähmet çekýänler üçin durmuş-medeni hyzmatlary guramagyň möhümdigini belläp, bu babada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime tabşyryklary berdi.

Liderimiz sebitiň senagat kuwwatyny ýokarlandyrmakda hem-de ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmakda möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň bellenilen möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça hem welaýatyň häkimine degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde işleriň ýagdaýy, däne oragyna taýýarlyk görlüşi, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda gurluşyk işleriniň barşy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça çäreler hem-de şanly seneler mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada hem habar berdi. Häkim hasabatynyň dowamynda welaýatda pile taýýarlamagyň barşy bilen baglanyşykly hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň möhüm düzüm bölegidigini, şoňa görä-de, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň we ony iň amatly agrotehniki möhletde hem-de oňat netijeler bilen geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragynyň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda galla orýan kombaýnlary hem-de meýdanlarda ulanylýan beýleki awtoulag tehnikalaryny öz wagtynda taýýarlamagyň, daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşmagyň hem-de olar üçin durmuş we medeni hyzmatlary guramagyň wajypdygyny görkezip, häkime ýerlerde degişli gulluklaryň işiniň guralyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaça ideg etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, hemme agrotehniki çäreleriň doly möçberde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Bereketli hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegi gönüden-göni şol işleriň hiline baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de tomusky möwsümi guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Dynç alyş düzümleri bu ýere dynç almaga gelýänler üçin ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmelidir.

Döwlet Baştutanymyz täze desgalary gurmak, şol sanda täze şäherçeleri döretmek bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak boýunça hem häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň ähmiýetini nygtap, şu mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýokary derejede guralmagynyň möhümdigini belledi hem-de welaýatda guraljak çäreleriň taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýüpekçilik pudagy bilen baglanyşykly ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň geljekde has-da ösdürilmegi babatyndaky wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew hasabat bilen çykyş edip, sebitde işleriň ýagdaýy, galla oragyna başlamaga toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi hem-de beýleki möwsümleýin meýdan işleri barada aýtdy.

Welaýatda alnyp barylýan durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň barşy, şeýle hem demirgazyk sebitimizde Ylymlar gününi bellemegiň meýilnamasy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişilmegini, kombaýnlary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalaryny netijeli we oýlanyşykly ulanmagy yzygiderli gözegçilikde saklamagy, kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegini üpjün etmegi, meýdanlarda olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we medeniýetli dynç almagy üçin hemme şertleri döretmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk möwsümini guramakda oňat hasylyň alynmagy we umuman, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly bolan hemme işleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýerlerde degişli işleri üpjün etmek üçin çäreleri görmek barada welaýatyň häkimine degişli görkezmeleri berdi.

Gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz bu işleri alyp barmaga ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurulýan ähli desgalarda işleriň hilini hem-de olaryň bellenen möhletde ulanylmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatda öňde boljak şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralary ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde häkim dürli desgalaryň gurluşyklarynyň barşy hem-de Ylymlar güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, däne oragy möwsümini, oňa gatnaşýan düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmagyny hem-de özara sazlaşykly hereket etmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla orýan kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň oýlanyşykly we netijeli ulanylmagy üçin şertleri döretmegi, ýetişdirilen hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini hem-de meýdanda zähmet çekýän adamlaryň öndürijilikli işlemegi üçin hemme zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin hemme çäreleri görmek zerurdyr, bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri bellenen möhletinde hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda toplumlaýyn geçirmegiň wajypdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde önümçilik, durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça hem häkime anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin agrotehniki çäreler hakynda aýtdy.

Hususan-da, häkim daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen galla oragynyň geçirilişi, gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda bina edilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy, öňde boljak şanly seneler mynasybetli çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, orak möwsüminiň tertibiniň berjaý edilişi hem-de bellenen möhletde tamamlanmagy baradaky meselelere welaýatyň häkiminiň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde ulanylyşyny, mehanizatorlaryň hem-de orak möwsümine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertleriň guralyşyny, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz türkmeniň ak bugdaýynyň hasylynyň orak möwsüminiň üstünlikli geçirilmeginiň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, hususan-da, gowaça ýokary hilli idegiň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, obasenagat toplumyna öňdebaryjy ylym-bilimleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýdyp, dürli desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginine we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli çäreleriň guralmagyna degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine işlerinde, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, berkarar Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.