SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJEDÄKI STAMBUL SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ 8-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine iş sapary bilen ugrady. «Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Preziden...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 12-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna gitdi. Saparyň çäklerinde Döwlet Baştutany Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) nobatdaky Sammitiniň işine gatnaşar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary geljekde giň köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň, deňhukukly we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň, şeýle-de döwletleriň we halklaryň arasyndak...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ VIII MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi örän baý. Onuň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝÄNIŇ DÖWLET TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ “TRT WORLD” TELEÝAÝLYMYNA BEREN INTERWÝUSY
– Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow! Möhüm döwlet işiňizden wagt aýryp biz bilen duşuşanyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berýäniňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy noýabrda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. R.Meredow özüniň giriş sözünde, Türkmenistanyň Awstriýa bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köpugurly özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Işjeň ýag...