SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Özbegistanyň TDG-niň...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ NOBATDAN DAŞARY SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýä iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijel...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde (A/77/778 - aşakdaky resminama serediň) sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi. Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi....
TÜRKMENISTAN BILEN KENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişe...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI MEZON-LAFIT ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew Mezon-Lafit şäheriniň häkimi, Fransiýa mejlisiniň hormatly agzasy Žak Mýard bilen duşuşdy. Duşuşyga Fransiýa-Türkmenistan dostluk toparynyň başlygy jenap K.Burdeý hem gatnaşdy. Duşuşygyň esasy mowzugy Arkadag şäheri bilen Fransiýanyň paýtagty - Pariždan 19 km uzaklykda ýerleşýän Maýson-Lafitte şäheriniň arasynda doganlyk şäher gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy boldy. Söhbetdeşlikde Ilç...