SOŇKY HABARLAR
ASTRAHANDA TÜRKMEN TALYP GYZLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (ADLU) sport toplumynda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi, oňa ADLU-da golaýda döredilen Russiýanyň bu sebitiniň şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen zenanlaryndan düzülen “Aýhan” topary gatnaşdy. Ýaryş Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň (Russiýa Federasiýasy) başlangyjy bilen we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlanylyp geçiril...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwl...
HAZARÝAKA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERI HAZARDA WAKALARYŇ ÖŇÜNI ALMAK BARADA YLALAŞYGYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 22-24-nji aprelinde Astrahanyň (RF) Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynda (KDDUI) geçen ýylyň awgust aýynda Aktauda Hazarýaka döwletleriň başturtanlarynyň V sammitiniň jemi boýunça gol çekilen Hazar deňzinde wakalaryň öňüni almak barada Ylalaşygynyň ýerine ýetirlişi bilen baglanşykly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralarynyň wekilýetleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Bu resminama Hazar sebitinde özara hereketleriň binýatlaýy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ATŞYNASLARYNA, BEDEW JANKÖÝERLERINE WE MÄHRIBAN HALKYMA
Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin, çäksiz minnetdarlyk bi...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...
НАЗВАНО ИМЯ САМОГО КРАСИВОГО АХАЛТЕКИНЦА 2019 ГОДА
В Ахалтекинском конном комплексе, где при участии главы государства прошли торжества по случаю Национального праздника туркменского скакуна, состоялся финальный тур Международного конкурса красоты среди ахалтекинских коней. Такие финальные выводки самых грациозных и выдающихся по экстерьеру представителей породы придают празднеству утончённую эстетику, и каждый раз эти завораживающие ослепительной красотой показы впечатляют и восхищают заново и любителей коней, и искушённых знатоков. Десят...