SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Ähli musulmanlaryň dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin. Kabus bin Said, Omanyň Soltany.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn. Bu sahawatly aýda Beýik Alladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we bolçulyk dileg edýärin. Hamad bin Isa Al Halifa, Bahreýniň Patyşasy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn. Biz ähtiýalan duşmana garşy söweşlerde wepat bolanlaryň hakydalarynyň öňünde baş egýäris. Dünýäni faşizmden halas eden Beýik Watançylyk urşunyň ähli weteranlaryna söweş meýdanlar...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş hab...
ŞEKILLENDIRIŞ MUZEÝINIŇ SERGISI: BIZ ÝEŇIŞ BILEN GAÝDYP GELDIK!
9Maý Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergisine gelenler eserler bilen tanyşlygy Arslan Muhadowyň “Kakamyň portreti. 1943-nji ýylyň tomsy” suratyndan başlaýarlar. Nazaryň biygtyýar maglumatlar ýazgysynda eglenýär: nakgaş 1951-nji ýylda doglupdyr – diýmek, kakasy uruşdan sag-aman dolanyp gelipdir, surat pederi urşa gitmezden öň alnan surat boýunça 1985-njy ýylda çekilipdir. Onda harby lybasly ýaş ýigidiň nurana keşbi şekillendirilipdir. Suratyň ý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KATAR DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gat...
AŞGABATDA BMG-NIŇ IÝMIT WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärel...