SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYMYZY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BILEN GUTLADY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELOSIPEDÇILERIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we türkmen halkyny şanly waka — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde dünýä rekordynyň — iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş hökmünde dünýä rekordynyň goýulmagy mynasybetli gutlady. Bu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş Assambleýasynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça esaslandyran Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol ýene bir ýola Aşgabatda bolmak we türkmen jemgyýetinde sport ýokary göterilişini äşgär edýän giň möçberli baýramçylyk çäresine gatnaşmak mümkinçiligini...
Ankarada we Stambulda türkmen diplomatlary welosipedli ýörüşleri gurnadylar
3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkiýedäki edarasynyň goldamagynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady. Köpçülikleýin çärä Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Türkiýede ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň, TRT1 Döwlet telekanalynyň we “Anadolu Ažans” habarlar agentligniň wekilleri gatnaşdylar. Sport çäresi Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň ken...
Türkmenistanyň Daşkentdäki diplomatik wekilhanasy welosiped ýörüşini gurnady
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň yglan eden Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň Özbegistandaky Ilçihanasy 1-nji iýunda welosiped ýörüşini gurnady. Daşkendiň merkezi köçelerinden bäş kilometr aralyga geçirilen welosiped ýörüşine Ilçihananyň işgärleri, ýurdumyzdan Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, kowçum ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň öň ýanynda geçirilen dabara...
TÜRKMENISTANYŇ WELOSIPED SPORTUNDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň welosiped sportunda gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda, şeýle hem dünýä derejesinde welosiped sportunyň ilerledilmegine goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentine welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Welosipedçileriň halk...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...