img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Iýun

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady. Paýtagtymyzda ekologiýa ulgamyna degişli halkara maslahatlaryň we forumlaryň her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdum...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Türkmenistanda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä,...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE GUTLAG HATYNY IBERDI

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!  Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe aln...

DOWAMY
pic
5 Iýun

AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYMYZY ORAZA BAÝRAMY BILEN GUTLADY

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar! Sizi ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy — mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýramçylygyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak g...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ORAZA BAÝRAMY MYNASYBETLI TOÝ SADAKASYNY BERDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde Oraza baýramy ýurdumyzda milli däpler...

DOWAMY