SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler...
Resmi habar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine: — institut bilen bilelikde Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak; — Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünär ugurlary boýunça...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan täze hünär ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Tür...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we köpdürlüligini giňeltmek, hyzmatlaryň hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine institut bilen bilelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Tertipnamasynyň tasla...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. ...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Bilim ministrligine institut bilen b...
Resmi habar
Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylmaly meýilnamalaýyn ylmy-barlag işleriniň maksatnamalarynda we meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi hem-de ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgün...