img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Iýun

BIŞKEKDE “BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY: TÜRKMEN-GYRGYZ IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK ÜÇIN MEÝDANÇA” ATLY TEGELEK STOLY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi....

DOWAMY
pic
18 Iýun

RESMI HABAR

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 20...

DOWAMY
pic
18 Iýun

RESMI HABAR

Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
18 Iýun

AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...

DOWAMY
pic
18 Iýun

TÄHRANDA TÜKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnaçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik we...

DOWAMY
pic
18 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.

DOWAMY
pic
17 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany  Ş.A.Amangeldiýew hakynda  Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.  Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow.

DOWAMY