SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri jenap Ýoşihiko Isozaki bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini we strategiki häsiýetini bellediler. Mundan başga-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi....
AHALDAKY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybet...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019: DABARALY JEMLEME
Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Medeniýet hepdeliginiň hut şu senelere bagyşlanmagynda çuňňur many bar. Magtymguly etrabynyň çäklerinde geçirilen Medeniýet hepdeligi sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen baý medeni mirasynyň bozulmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şu günki b...
TÜRKMENISTANDA DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlar üç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi we döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle he...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «NATA HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi. Myhman söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy dünýäde ilkinji täze önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly geljeginiň ýurdumyzyň halkara abraýyny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de ýurduň Premýer-...