SOŇKY HABARLAR
BIŞKEKDE KHBS BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 17-18-nji iýulynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ÝHHG-nyň söz azatlygynyň meseleleri boýunça wekili tarapyndan guralan «Sanly transformasiýa şertlerinde KHBS erkinligi we plýuralizm» ady bilen KHBS boýunça 21-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat bu mesele boýunça pikirleriň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagy üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan döwlet edaralaryndan, habar beriş seriş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI EKOSOS-YŇ HOWANDARLYGY ASTYNDA GEÇIRILÝÄN ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞMAK ÜÇIN NÝU-ÝORKA GELDI
2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine saparynyň birinji gününde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Has takygy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana we Baş sekretaryň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ös...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMEN TARAPYNYŇ GURAMAGYNDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÜPJÜN EDILMEGINDE HALKARA INSTITUTLARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY: BMG-AHHG MODELI» ATLY TEMATIKI ÇÄRE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda türkmen tarapynyň guramagynda «Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde halkara institutlarynyň hyzmatdaşlygy: BMG-AHHG modeli» atly tematiki çäre geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleriniň resmi wekilleri, BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşen düzüm birlikleriniň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň diňleýjileri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar howanyň global derejede üýtgemegi, şeýle hem dün...
TARYHY-MEDENI MIRAS — ÝURDUMYZYŇ WE TUTUŞ ADAMZADYŇ GYMMATLYGY
Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalarynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň alymlarynyň täze ylmy açyşlary, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda makalalar yzygiderli ýerleşdirilýär. ...
TÜRKMENISTANYŇ ŞYPAHANA HYZMATY ULGAMY DÜNÝÄ DEREJESINDE: “MOLLAGARA” ŞYPAHANASY
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Ýedi ýyl mundan öň — 2012-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda palçyk bilen bejerýän meşhur künjekde döwrebap şypahana toplumy açyldy. Mollagara kölüniň ýanynda gurlan ajaýyp şäherjigiň ýokary amatlylyk derejesine bu ýerde bolup gören hem-de türkmen tebigatynyň şypasy bilen saglygyny dikelden adamla...
TÜRKMENISTANYŇ ŞYPAHANA HYZMATY ULGAMY DÜNÝÄ DEREJESINDE: «ARÇMAN» WE «ÝYLY SUW» ŞYPAHANALARY
Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Türkmenistanyň...
DEMOKRATIÝA WE HUKUK — DÖWLETIŇ DÖREDIJILIKLI SYÝASATYNYŇ SÜTÜNLERI
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan, çärýekde bir gezek çykýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly ћurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şonda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz ýurdumyzda ylmyň we bilimiň beýik geljegine uly ynam bilen garaýarys. Munuň üçin bolsa, biziň anyk maksatlarymyz we meýilnamalary...