SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ WE MEDINÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar. «Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, M...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri gi...
AŞGABATDA ADAM SÖWDASYNYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY BOÝUNÇA MHG-NYŇ OKUW SAPAGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) tarapyndan guralan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenen okuw sapagy öz işine başlady. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçysynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, D...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr. Çap edilen makala diňe bir Ha...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.W.LAWROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgus...
Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde hem döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, wajyp döwlet işlerinden we aladalaryndan, wakalardan, ýokary derejedäki saparlardan hem duşuşyklardan doly bolan iş tertibine garamazdan, milli Liderimiz gysga wagtlyk hem bolsa döreýän boş wagtyny sportuň dürli görnüşlerine, saz sungatyna ýa-da şahyrana we ylmy işlere sarp edýär. Elbetde, zähmet rugsadynyň günleri munuň üçin has-da...
ÝUBILÝARLARYŇ DÖRTLÜGI: DÜNÝÄ ÖZBOLUŞLY DÖRT GARAÝYŞ
Türkmen žiwopisçileriniň dördüsiniň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Nakgaşlar birleşigi paýtagtymyzyň Sergi merkezinde olaryň işleriniň köpçülikleýin sergisini gurady. Balkanly nakgaş Ýolmämmet Annaýewiň suratlarynda deňiz tolkunlarynyň şahyranalygy beýan edilipdir. Deňiz manzarlaryny çekýän ussat Hazary asuda we gomly pursatlary, tolkunlary kenara hyjuwly urulýan, ahyrsyna gözýetmez görnüşlerde şekillendiripdir. Onuň «Asudalyk» suratyndaky säher-saba parahat deňiz we balykçylara garaşyp duran...