img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Okt

AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN HHR-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi. Hususan-da, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri jenap Sindzo Abe bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sö...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, obasenagat toplumynda işleriň barşy, öňümizdäki baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk bilen ba...

DOWAMY
pic
14 Okt

AÝHAN HAJYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA: ŽIWOPIS SUNGATYNDA YZ GOÝAN NAKGAŞ

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli milli žiwopis mekdebiniň ägirdiniň hatyrasyna onuň iň gowy işleriniň sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň maşgala agzalary, şägirtleri, dost-ýarlary, kärdeşleri, şeýle hem Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplary geldiler. Aýhan Hajyýew žiwopis taryhyna Magtymgulynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde girdi, ol bu eserini Moskwanyň W. I. Surikow adyndaky çepe...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WE DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda üstümizdäki ýylyň 10 we 11 oktýabrynda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi. Türkmenistanyň D...

DOWAMY
pic
12 Okt

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler sintetiki benziniň önümçiliginden alnan suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah mata we ýüplük, pagta übtügi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa Feder...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Premýer-ministr N.Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary barada pikir...

DOWAMY