SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI GDA-NYŇ AŞGABAT SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bell...
TÜRKMEN WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYGY GEŇEŞINIŇ VII SAMMITINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...
BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...
GÜNDOGAR SEBITIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER
Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Şu ýyl sebitde bu azyklyk ekin 10 müň gektar ýere ekilip, ondan 47 müň tonnadan gowrak şaly ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ýurduň gündogarynda ýerli toprak-howa şertlerine ýaramly, ýokary hasyllylygy we kesellere durnuklylygy, şeýle hem datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşli şaly ekilýär. Ýygymy öz wagtynda, ýokary hilli we ýitgisiz ýygnamak üçin şaly ýygymynyň ähli tapgyrlaryny sazlaşykly alyp barmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip ta...
TÜRKMENISTAN KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR
?Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) başlygy RT halkara teleýaýlymy ady bilen has belli «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi. Munuň özi türkmen köpçülikleýin — medianyň okyjylarynyň SANYNY artdyrmakda, ony...
AZIÝA – ÝUWAŞ UMMANY SEBITI – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ STRATEGIKI UGRY
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu sebitde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwat bar. Soňky ýyllarda dünýäde ykdysady görkezijileri babatda öňdäki orunlara çykýan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Gündogar we Günorta — Gündoga...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewe «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň (Russia Today-telewizion ýaýlymy (RTTV)) arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.