SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “SPEKA GÜNLERI” BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy. “SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň,...
TÜRKMENISTAN WE KUBA RESPUBLIKASY ÖZRABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň d...
TÜRKMENISTAN BILEN MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BERKEÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, göni aragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew...
A.S.PUŞKIN ADYNDAKY TEATRYŇ IŞLERI ASTRAHANYŇ WE WOLGOGRADYŇ SAHNALARYNDA GÖRKEZILER
A.S. Puşkin adyndaky rus Döwlet drama teatry 23--24-nji noýabrda Wolgogradda we 26—27-nji noýabrda Astrahanda iň gowy spektakllaryny görkezer. Russiýaly tomaşaçylar teatryň iň şowly oýunlarynyň biri - «Biz hökman duşuşarys» oýnuna tomaşa ederler. Ony Gowşutgeldi Daňatarow bilen Serdar Nepesowyň «Pereňli» pýesasy boýunça Aşyrmuhammet Rahmanow sahnada goýdy. Dramaturglar Atajan Taganyň «Keseki» powestini esas edip aldylar, onda XIX asyryň ortasynda hakykatdanam bolan waka beýan edilýär. Eser we...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işew...
TÜRKIÝEDE TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARY IKI MEDAL GAZANDYLAR
Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýman oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. Bu wekilçilikli ýaryş geljek ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpia oýunlary — 2020-ä çykmak üçin saýlama tapgyr boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilograma çenli agram derejesinde t...