img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň wezipeleri, obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaş...

DOWAMY
pic
25 Noý

AŞGABATDA ÝAPON KINOSYNYŇ GÜNLERI GEÇIRILDI

Aşgabatda Ýapon kinosynyň günleri üstünlikli geçirildi. «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkeziniň kinozallarynyň üçüsinde ýapon kinosungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sekizisi görkezildi, özem tomaşaçylara filmleriň birnäçesini görmäge mümkinçilik döredildi. Bu döredijilik çäresiniň dowamynda aşgabatlylar Günüň dogýan ýurdunyň gadymy medeniýeti, däp-dessurlary, şanly taryhy wakalary bilen tanyşdylkar. «Deňizden gelen adam», «Otagyň arassalynylyşy», « Kamakuranyň ykbaly» ýaly üç film mistikany...

DOWAMY
pic
25 Noý

FOTOPURSATLAR: AŞGABAT GÜÝZÜNIŇ ÜÝTGEŞIK ÖWÜŞGINLERI

Şu günler türkmen paýtagtynyň seýilgähleri üýtgeşik röwüş ýapraklardan örtük edindi. Noýabryň bir güni çala sepelän gar görnüşli gyşyň çala alamaty we awusy ýagşy duýlan gijeki aýazlar ýylyň bu paslyna mahsus bolmadyk üýtgeşik tebigy ýagdaý döretdi. Ýekşenbe güni irden örlän aşgabatlylar daratglaryň barynyň güýz örtügini taşlanyny görüp galdylar. Şemal gün şöhlelerine ýalpyldaşýan, aýaz degen ýapraklary ýere ýazyp, sarymtyl-gyzgylt nagyş döretdi. Tut altynsow ýapraklaryny ýere peşgeş beren...

DOWAMY
pic
25 Noý

AŞGABATLY DOKMAÇYLAR DOKALMAÝAN MATANYŇ TÄZE GÖRNÜŞINI ÖZLEŞDIRÝÄRLER

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky dokma toplumy çykarýan önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. Bu ýerde polipropilen süýümlerden maýyşgak şarjagazlardan gowulandyryjy we ýyladyjy hollofaýber öndürmek üçin enjam oturdyldy. Ball Fiber Machine kompaniýasynyň teklip eden tehnologiýasy dokalmaýan matanyň täze görnüşini almaga mümkinçilik berýär. Hollofaýber içi boş burulan sintetik süýümlerden alynýar. Süýümiň aşa burulmasy netijesinde togalak polimer pružinler döreýär, netije...

DOWAMY
pic
24 Noý

TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...

DOWAMY
pic
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny häzirki zaman maglumat tehnologiýala...

DOWAMY
pic
23 Noý

MINSK ŞÄHERINDE TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary, belarus tarapyna Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.Ýewdoçenko ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha...

DOWAMY