SOŇKY HABARLAR
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ IŞLERINIŇ SERGISI GURALDY
6-njy dekabrda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Ekspozisiýa däplerdir täzeçillikler sazlaşykly utgaşýan milli nedeniýetiň dürli röwüşli tilsimlere baý stilistikasyny görkezýär. Çäräni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň bölümi bolan Sankt-Peterburgyň «Mekan» türkmen medeniýeti Jemgyýeti Sankt-Peterburgyň milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň goldam...
BRÝUSSELDE TÜRKMENISTAN – ÝB PARLAMENTARA MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, mali...
RESMI HABAR
2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli milli we halkara derejedäki çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi bilen bilelikde Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 11 — 12-nji dekabrynda Tür...
ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGARYNDAKY HALAÇ ETRABYNDA KIÇI ENERGIÝA BEKETLERINIŇ IKISI DÖWREBAPLAŞDYRYLDY
?Lebapenergo» Önümçilik birleşiginiň hünärmenleri Amyderýa jülgesinde energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň täze tapgyryny tamamladylar. Halaç etrabynda tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylan kuwwatlylygy 110/10 kilowat bolan «Halaç» we «Çohpetde» energiýa kiçi beketleri işläp başlady. Olar ilatly ýerleriň we halk hojalyk desgalarynyň energiý üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrdylar. Indi gündogar sebitde elektrik energiýasyny öndürmek we şäherlerdir obalary elektrik...
СОБРАНИЕ УНИКАЛЬНЫХ АРТЕФАКТОВ: НОВЫЕ СТРАНИЦЫ ДРЕВНЕЙ ЛЕТОПИСИ
Сегодня в Музее изобразительных искусств состоялась конференция «Значение изучения историко-культурных памятников по маршруту Великого Шёлкового пути: реставрационно-консервационные работы, научный анализ». Организованная Национальным управлением по охране, изучению и реставрации памятников истории и культуры совместно с Институтом истории и археологии Академии наук Туркменистана, конференция стала площадкой для обсуждения результатов археологических изысканий, а также работы отечественных ре...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak bellenildi.