SOŇKY HABARLAR
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY
Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY
Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desg...
AŞGABATDA AZIÝANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA 2020 ÇEMPIONATYNYŇ BIJE ATMAK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzyň «Оlimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatyna gatnaşjak toparlaryň arasynda bije atmak dabarasy geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesindäki bu çäräniň geçirilmegi hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Bije atmak dabarasynyň jemlerinden belli bolşy ýaly, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary bilen bir topara düşdüler.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HÖKÜMETIŇ GIŇELDILEN MEJLISINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi. Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin ha...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyj...
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ BAÝRAMÇYLYK SERGISI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi açyldy. Ekspozisiýada žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri bar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ada Gutlyýewiň ýordumly «Rowaç» halysynda ýurdumyzda «Türkmenistan- rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýylyň ilkinji güni doglan ahal-teke tohumly mele taýçanak şekillendirilipdir. Haly şeýle bir nepis dokalypdyr welin, ýordumyuň her bir bölegi sazlaşyga we žiwopis çeperligine ýugrulan. Toýmämmet Esenmämmedo...
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ IŞLERINIŇ SERGISI GURALDY
6-njy dekabrda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Ekspozisiýa däplerdir täzeçillikler sazlaşykly utgaşýan milli nedeniýetiň dürli röwüşli tilsimlere baý stilistikasyny görkezýär. Çäräni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň bölümi bolan Sankt-Peterburgyň «Mekan» türkmen medeniýeti Jemgyýeti Sankt-Peterburgyň milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň goldam...