SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTANYŇ SUNGATY WE ARHITEKTURASY» ATLY NEŞIRIŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Medeni miras ähli döwürlerde nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edip, milletiň ruhy taýdan ösüşini kemala getirip, onuň taryhy hakydasynyň kepili bolup çykyş edýär. Türkmenistanda döwlet derejesinde halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetine degişli ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamak we öwrenmek işine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, adamlaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň halk hoj...
«KAMAZ» AWTOMOBILLERINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY TÜRKMENISTANA GELIP GOWUŞDY
Russiýanyň tanymal «KamAZ» kompaniýasynyň awtotehnikasynyň nobatdaky tapgyry paromda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. 110 awtomobiliň arasynda köp ýük göterýän ýüküni özi düşürýän awtomobiller, wahta awtomobilleri, ýangyç guýyjy, mikser-awtomobiller we tehnikanyň beýleki görnüşleri bar, olar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda işlediler. Täze awtomobiller ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň –Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY
Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY
Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desg...
AŞGABATDA AZIÝANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA 2020 ÇEMPIONATYNYŇ BIJE ATMAK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzyň «Оlimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatyna gatnaşjak toparlaryň arasynda bije atmak dabarasy geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesindäki bu çäräniň geçirilmegi hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Bije atmak dabarasynyň jemlerinden belli bolşy ýaly, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary bilen bir topara düşdüler.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HÖKÜMETIŇ GIŇELDILEN MEJLISINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi. Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin ha...