SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltm...
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy. Bu sene milletler bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýäde we sebitde, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetiniň tassyklanylmagynyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Ol şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işiniň beýik üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr, milli Li...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Irden Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde dikeldilen hem-de ata Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Halkara Bitaraplyk güni parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp halkara baýramydyr. Şoňa görä-de, bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn! 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň...
ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHATLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi. Bu maslahatlara ýurdumyzda işleýän käbir diplomatik missiýalarynyň, konsullyk edaralaynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hakimlikleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň welaýatlardaky wekil...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 24-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolba...
«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOWPSUZLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bi...