SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi. BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi. Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitdäki hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşd...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
?Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi. Bu dabara hemmeleriň söýüp garaşýan baýramçylygyna galan wagtyň azalýandygyny äşgär etdi. Dabarany guraýjylar «Älemiň» öňündäki meýdançany gündogar ertekilerine çalymdaş ýurduň ke...
Paýtagtymyzyň demirgazygynda döwrebap awtoklaster kemala gelýär
Paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulýan awtoulag kärhanalary toplumynda üç müňe golaý awtomobil ýerleşer. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tabşyrygy bilen Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda Aşgabat halkara awtoterminalynyň golaýynda şäher we şäherara ýolagçylar ulaglaryny saklamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de abatlamak boýunça klaster, şeýle hem okuw-türgenleşik merkezli awtomekdepler Birleşigi döredilýär. Gurluşygyň potratçysy...
Saz sungaty- ähli nesilleriň ylham joşgunynyň gözbaşy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň döredijilik bilen meşgullanmaga hem wagt tapýandygy hemmelere mälimdir. Döwlet Baştutanymyz birnäçe goşgulary döredip, şolary agt...
Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä hu...